ADVANTURE OF KARAKUM DESERT

The Karakum Desert is a vast arid land expanse located in Central Asia mainly situated in Turkmenistan covering more than 80% of this country

“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener.

“Bloomberg”-iň žurnalisti Mark Gurman şu ýylyň sentýabrynda “iPhone 15” smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň onlaýn görnüşde guraljakdygyny habar berdi. Oňa tomaşa etmäge “Apple” öz baş edarasyna köp sanly žurnalistleri we blogerleri çagyryp, täze modellerini görkezer.

Geçen ýyl “iPhone 14” smartfonynyň hem bildirişi şeýle görnüşde geçirilipdi. Gurman tanyşdyrylyş dabarasynyň 12-nji sentýabrda geçiriljekdigini, ýöne senäniň üýtgäp biljekdigini hem belledi.

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, “iPhone 15 Pro”-nyň bahasy “iPhone 14 Pro” bilen deňeşdirilende 100 dollar – 999 dollardan 1099 dollara çenli ýokarlanyp biler. “iPhone 15 Pro Max” bolsa, ýene 100 dollar gymmat düşer.

“9to5Mac” neşiri “iPhone 15” üçin deslapky sargytlaryň 15-nji sentýabrda başlamagyna, resmi satuwa çykaryşyň bolsa 22-nji sentýabrda başlamagyna garaşýar. Anyk maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri tarapyndan mälim ediler. 

 

www.zamanturkmenistan.com.tm