ADVANTURE OF KARAKUM DESERT

The Karakum Desert is a vast arid land expanse located in Central Asia mainly situated in Turkmenistan covering more than 80% of this country

5-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Ujypsyz zatlar hakynda alada etmäň, ownuk düşünişmezliklere üns bermejek boluň. Eger hakykatdanam möhüm zatlara üns berseňiz, şonda üstünligiň ýoluny tapyp bilersiňiz. Bu meselede siz hiç haçan kömege garaşmadyk adamlaryňyzdan kömek  bolup biler. Pul bilen bagly meselede seresap bolmaly. Karz almak, bölekleýin söwda etmek amatly bolmaz. Dostlary bilen wagt geçirmek, ýakyn adamlary bilen gezelenç etmek arzuwlaryna Hamallar şu gün ýeterler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Çylşyrymly we möhüm zatlary yza süýşürmezlik has gowudyr. Irden satyn almak isleýän zadyňyzy alsaňyz ýa-da ýerine ýetirmeli işiňiz bar bolsa ýerine ýetirseňiz ýakyn wagtda üstünlige ýetersiňiz. Günüň ikinji ýarymy has amatly bolar. Tötänlikler, gijikdirmeler hem bolmagy ahmal. Häzirki wagtda ýakynlaryňyzyň kömegi size aýratyn möhümdir. Başdan geçirenleriňizi paýlaşmakdan gorkmaň. Size dogry düşüniler. Köp wagtdan bäri tanaýan dostlaryňyz size ajaýyp maslahatlary bererler we size zerur kömegi ederler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar bu gün işewür gepleşikler üstünlikli bolar. Dürli adamlar bilen düşünişmek ukybyňyz sebäpli möhüm iş meseleleri çalt çözüler. Käbir Jöwzalaryň girdeýjileriniň köpelmegi  ýa-da ýakyn wagtda köp girdeýji getirjek amallara girmekligi mümkin.  Şeýle hem ýyldyzlar karýera basgançagyna çykmak isleýän alamatyň käbir wekillerine goldaw berer. Indi başlangyç etmegiň wagty geldi. Şahsy gatnaşyklarda oňyn netijeler agdyklyk eder. Jöwzalar size biraz sabr etmek gerek, ýakynlaryňyzdakylar size birbada düşünmezler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Howlukmaň! Günüňiz biraz ýaramaz başlap biler, irden ownuk kynçylyklar, käbir şahsy durmuşyňyzdaky düşünişmezlikler bolmagy mümkin. Käbir meseleleriňiz gijikdirlip bilner. Şeýle-de bolsa gowulyklara ýakyn wagtda garaşyp bilersiňiz, durmuşyňyzyň gowlaşýandygyny duýup başlarsyňyz. Agşam ýakynlaşdygyça has gyzykly wakalar bolup biler. Garaşylmadyk teklipler we alamatyň käbir wekilleri köpden bäri isleýä ýerine çagyrylar. Sowgatlar hem-de romantik agşamlyk garaşýar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Öz üstüňize alan käbir meseleleriňizi çözmäge başlaň. Bu gün ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar we çynlakaý üstünlik gazanyp bilersiňiz. Käbir esetler köneden galan garşydaşlaryny ýeňmegi başarar. Gyzykly iş teklipler size garaşýar. Emma razy bolmagyňyzdan ozal köp maglumat ýygnamak zerur. Bu gün söwda üçin amatly. Söýýän adamyňyz bilen köpräk wagt geçiriň, ol siziň ünsüňize mätäç bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Günüň başynda peýda boljak pikirlere üns beriň. Üstünlikli bolar. Dogry, hemmeler siz bilen derrew razylaşmaz. Olaryň esetleriň pikirlerine baha bermegi üçin birneme wagt gerek. Planlaşdyran meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz. Gowy habar bolmagy ähtimal. Habar diňe sizi däl ýakynlaryňyzy hem begendirer.  Günüň ikinji ýarymy maşgalaly esetler üçin has amatly bolar. Ýakynlaryňyz bilen geljekgi meýilnamalaryňyzy maslahatlaşyp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

 Günüň başynda dartgynly pursatlardan gaça durmak aňsat bolmaz. Köpden bäri dowam edip gelýän düşünişmezlikler hasam güýçlenip biler. Ozal size düşünýänler bilen umumy dil tapmak has kynlaşar. Iş dolandyryjylar we işdeşleriňiz siziň işiňizden nägilelik bildirip bilerler. Daş töweregiňizdäkileriň size düşünmegi ähli zady dogry edýändigiňize ynanmagy üçinem birneme wagt gerek bolar. Günüň ikinji ýarymy düýbünden başgaça bolar. Täze bir zat almak, iş ýa-da şahsy gatnaşyklarda başlangyç etmek üçin ajaýyp.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar size bu gün sabr we erjellik gerek bolar. Häzirki wagtda hemme zat isleýşiňiz ýaly bolmaz. Işiňizde tiz üstünlik gazanmak mümkinçiligine eýe bolup bilmersiňiz. Ýöne päsgelçilikleri ýeke özüňiz ýeňip geçmeriňiz, ýakyn wagtda size islendik zatda kömek berjek adamlar peýda bolar. Käbir akraplar peýdaly gatnaşyk gurmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Artykmaç işlemezlige synanyşyň, bu gün size dynç almak möhümdir. Agşam ýadawlyk sebäpli keýpiňiz erbetleşip biler, has gaharly we sabyrsyz bolarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Günüň başlangyjy şowly tötänliklerden doly bolar, esasanam tiz karara gelip bilýän we jogapkärçiligi öz üstüne almakdan gormaýan kowuslar üçin. Iş duşuşyklaryňyz we köpçülikde etjek çykyşlaryňyz üstünlikli geçer.  Täze tanyşlarda ýakymly täsir galdyrarsyňyz. Köp adamyň siz bilen dost bolmak isleýänligi geň däldir. Günüň ikinji ýarymynda peýdaly bolan köne meseleleri çözmäge gaýdyp gelmeli bolarsyňyz. Meselä çynlakaý çemeleşseňiz öň üsti açylmadyk syrlary hem açmagy başararsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler bu gün esasanam başgalar bilen düşünişmek, sizi asla halamaýanlar bilen umumy dil tapmak aňsat bolar. Mundan peýdalanyp, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin işdeşleriňiz bilen duşuşmak gerek. Iň çynlakaý meseleleri hem resmi däl ýagdaýda duşuşup çözüp bilersiňiz. Söhbetdeşleriňize dogry we anyk zady aýdýandygyňyzy ynandyrmak aňsat bolar. Maliýe ýa-da emläk meselelerini çözmek üçinem amatly gün.  Käbir Jediler syýahat etmek pikirini durmuşa geçirip bilerler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Daluwlar has täsirli başlangyçly güne taýýarmy siz? Möhüm meseleler üçin we çynlakaý meseleleri çözmek üçin amatly bolar. Nämä ünsi jemlemelidigine derrew  düşünersiňiz we ownuk zatlara wagt ýitirmersiňiz. Käbir Daluwlar düýbünden täze işleri boýun alarlar we olary nähili çözmelidigini tiz öwreenerler. Täze maglumatlary aňsatlyk bilen ýatda saklarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda emosional ýagdaýyňyz dartgynlaşar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)   

Seresap boluň! Bü gün töwekgelçilik etmek ýa-da batyrgaý synag geçirmek üçin amatly gün däl. Möhüm birzat bilen meşgul bolasaňyz gelse, ozal tejribäňiz bolan birzatlar bilen hereket etmäge synanyşyň. Başga biriniň tejribesine ýüzlenmek, başgalaryň göýberen ýalňyşlyklaryny seljermek peýdaly bolar.  Söýýän adamyňyz bilen aragatnaşyk diňe bir ýakymly bolman, eýsem ylham hem berer. Ýüredeşiňiziň goldawy bilen ýakynwagtda nämä üns bermelidiňizi çözersiňiz.

www.atavatan-turkmenistan.com