ADVANTURE OF KARAKUM DESERT

The Karakum Desert is a vast arid land expanse located in Central Asia mainly situated in Turkmenistan covering more than 80% of this country

18-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

   Irden kelläňize gelýän pikirlere üns beriň. Ilki bilen düýbünden hakyky  däl ýaly görüner, ýöne birneme soň belli bolar ähli zadyň hakykatdygy. Ýakyn ýerde kömek we maslahat sorap bilýän adamlaryň bolmagy gaty peýdaly. Uzakdan gelen gowy habarlardan, şeýle hem möhüm tötänliklerden hoşal bolarsyňyz, munuň netijesinde möhüm meseleleri çalt çözersiňiz. Günüň ikinji ýarymy ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatlydyr. Düşünişmezliklerden we jedellerden gorkmagyň zerurlygy ýok.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Hepdäniň başy möhüm meseleler üçin amatly. Başlaýan zadyňyzy hökman gutararsyňyz, kynçylyklara garamazdan işiňiziň ýarysyndan ýüz öwürmersiňiz. Pul we emläk bilen baglanyşykly ähli zatlarda öz duýgurlygyňyza bil baglap bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklarda ähli zadyň gowulaşmagy üçin üýtgeşmeler bolmagy ähtimal. Ýakynda sizi biynjalyk eden meseleler geçmişde galar. Size ýakyn adamlaryňyz, islendik teklipleriňize höwes bilen jogap bererler, zerur bolsa goldaw we kömek ederler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

  Geljek hakda pikirlenmek we meýilnama düzmek üçin ajaýyp gün. Ýagdaýa hakyky baha bermäge çalşyň. Hyýal, arzuw etmegiň wagty däl. Daş-töweregiňizdäkiler köp ugurda size kömek ederler. Nagt pul girdeýjileri gaty amatly boljak garaşylmadyk çeşmelerden gelmegi mümkindir. Günüň ikinji ýarymynda aýratyn çylşyrymly ýa-da sizi ýadawlyga eltjek zat meýilleşdirmezlik has gowudyr. Mümkin, bu wagt dynç almagyň wagtydyr. Daş-töweregiňizi üýtgetmek mümkinçiligiňiz bar bolsa, gysga ýakymly syýahat ediň.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

  Häzirki wagtda beýlekiler bilen düşünişmek beýle aňsat bolmaz. Adatdakysyndan has gaharly bolarsyňyz hatda, sähelçe ýalňyş diýlen sözlere-de gaharlanyp bilersiňiz. Kiçijik zatlar hakda alada etmäň, kimdir biri size dogry düşünmese gaharlanmaň. Möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny günortana çenli yza süýşürmek has gowudyr. Bu gün guramaçylyk meselelerini çözmek üçin amatlydyr. Ünsli we çynlakaý bolarsyňyz we hiç zady ýatdan çykarmarsyňyz. Şeýle hem öý işlerini ýerine ýetirip, abatlamagy meýilleşdirip ýa-da başlap bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

 Bu gün aragatnaşyk üçin amatly bolar. Meýilleşdirilen duşuşyklaryň ikisi-de, düýbünden garaşylmadyk ýygnaklaram gowy geçer. Täze tanyşlar derrew sizi halarlar, özüňizi alyp barşyňyza hiç kim biperwaý garap bilmez. Garyndaşlaryňyz bilen aragatnaşykdan lezzet alarsyňyz. Maşgala wakalary garaşyşyňyzdan has gowy geçer. Emma bu gün islendik çynlakaý meseläni çözmek üçin amatly däl. Gaty seresap bolmaly we käbir möhüm jikme-jiklikleri ýatdan çykarmagyňyz mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

 Möhüm bir işiňiz bolsa, ýerine ýetiriň wagtyňyzy ýitirmän. Bu gün iň batyrgaý meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ajaýyp. Kömekçileri we iş ýaranlaryny aňsatlyk bilen taparsyňyz. Dürli adamlar siziň teklipleriňize aňsatlyk bilen jogap bererler. Ýakyn wagtda olaryň käbiri bilen dostlaşarsyňyz. Bu gün maşgala emläkleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak  amatly bolar. Käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp biler, ýöne ýakyn wagtda hemmeleriň göwnünden turjak çözgüt tapyp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

  Bu gün hemme zat pikir edişiňiz ýalt aňsat bolmaz, ýöne ýolda ýeňip bolmajak kynçylyklar ýüze çykmaz we siz tutanýerli bolsaňyz  maksadyňyza hökman ýetersiňiz. Çynlakaý meselelerde şuňa meňzeş zada garaşmadyk adamlar kömek eder. Bu gün öýüňiz üçin peýdaly zatlary, şeýle hem iş we okuw üçin zerur zatlary satyn almak üçin ajaýyp. Agşam dostlary görmäge we olar bilen möhüm bir zady ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörär.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

   Gün dynç almak üçin ajaýyp. Ylham berip biljek we göwnüňize ýaraýan zatlar hakda pikir ediň.  Gyzykly ýöne ýönekeý bir iş ediň, dostlaryňyzy we beýleki ýakyn adamlary size goşulmaga çagyryň. Eger eýýäm çynlakaý bir meseläni meýilleşdirilen bolsaňyz, olar üçin ýeterlik wagtyňyzyň bardygyna göz ýetiriň. Gereksiz dawa-jenjellerden we howlukmakdan gaça durmak möhümdir. Bu gün täze tanyşlar bilen umumy dil tapmak aňsat bolmaz. Olaryň gözünde siz gowy däl ýaly görnüp bilersiňiz. Elbetde ýakyn wagtda size ýalňyş düşünilendigi belli bolar, ýöne gatnaşyk derrew gowulaşmaz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

    Size ýagty we gyzykly gün garaşýar. Käbir Kowuslara üýtgeşik ýere gitmek, täze bir iş etmek ýa-da hakykatdanam halaýan adamlary bilen duşuşmak üçin ajaýyp mümkinçilik dörär. Garaşylmadyk sowgatlaryň gelmegi ähtimal. Bu bolsa ruhuňyzy göterer we uzak wagtlap ýatda galar. Jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp bilersiňiz. Ol ýerde üns merkezine öwrülersiňiz we bu siziň göwnüňizden turar. Bu gün sport, işjeň dynç alyş we käbir döredijilik synaglary üçin amatly bolar. Belki, ozal bilmedik zehinleriňiziň bardygyna göz ýetirersiňiz.

 Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

   Günüňizi ýeterlik derejede başagaý bolup geçirersiňiz. Emma oňyn meýilleriň täsiri güýçli bolar, şonuň üçin çynlakaý meselelerden gorkmagyň zerurlygy ýok. Daş-töweregiňizdäki adamlar işleriňize adatdakysyndan has ýygy-ýygydan goşulyp başlarlar. Bu bolsa sizi gaharlanmaga mejbur eder. Ýöne erbet duýgulary ýeňip geçersiňiz we hemmeler bilen gowy gatnaşyk saklarsyňyz. Islendik maliýe meselelerini çözmegi günortana çenli yza süýşürmek has gowudyr. Irden birneme ownuk-uşaklyga ýykgyn edersiňiz, soň bolsa has çynlakaý dynç alarsyňyz.

  Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Islendik möhüm meseläni çözmek üçin ajaýyp gün. Düşünjäňiz has ýiti bolar we ähli zady baş alyp çykjagyňyza ynanyp bilersiňiz. Hiç kim sizi bulaşdyryp ýa-da azaşdyryp bilmez ýa-da aldaw bilen ynamyňyzy gazanyp bilmez. Käbir Daluwlar ozal göýberilen ýalňyşlyklary düzedip, ýitirilen wagtyň öwezini dolarlar. Iň çynlakaý we çylşyrymly meseleleri soňa goýmazlyk has gowudyr. Günüň başy olar üçin amatlydyr. Soň bolsa, belki dynç almak we aladalaryňyzy aýyrmak islärsiňiz, size şeýle mümkinçilik hökman peýda bolar. Dostlaryňyz, pikirleriňizi goldamakdan ýa-da gyzykly bir zat hödürlemekden hoşal bolarlar.

   Hut (balyk21.02 – 20.03) 

Günüň başlangyjy aňsat bolmaz. Asla garaşmadyk ýeriňizde kynçylyklar ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, alada etmegiň hajaty ýok. Oňyn meýilleriň täsiri çalt artar we ýakyn wagtda gowy üýtgeşmeleri görersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda köp gowy pikirler peýda bolar. Golaýda iş meselesinde kömek etmäge taýyn adamlar bolar. Enjamlary, mebelleri we beýleki peýdaly zatlary satyn alyp bilersiňiz. Saýlawyňyz bilen ýalňyşlyk goýbermersiňiz we kän çykdaýjy sarp etmersiňiz.

Peýdalanylan çeşmeler: www.atavatan-turkmenistan.com